16-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynda iş sapary
bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk
Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň
başynda şu duşuşygyň ýokary derejede guralandygy, myhmansöýerlik we netijeli
işlemäge döredilen şertler üçin özbek Liderine minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam
edip, dünýäde kanunyň we ykrar edilen halkara hukuk kadalarynyň, BMG-niň
Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň we ruhunyň mizemezliginiň, üýtgewsizliginiň
goralmagyny hem-de üpjün edilmegini hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan umumy
maksatlarynyň hatarynda kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
ŞHG ýurtlarynyň ýolbaşçylaryna BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňde boljak
mejlisinde Türkmenistanyň beýan etjek halkara başlangyçlary barada habar berdi.