24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Parahat-7
ýaşaýyş toplumynda ýerleşen metjidinde mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde
agzaçar sadakasyny berdi.
Aşgabadyň şähergurluşyk toplumy bilen aýratyn
sazlaşyk döredýän metjidiň çäginde döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşulular bilen
gürrüňdeş bolup, olara jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň durmuşynda ägirt uly
ähmiýete eýe bolan çärelere, şeýle hem şu günlerde Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandyklary
üçin minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Döwlet Baştutanymyz sadaka
berilýän jaýa barýar. Bu ýerde milli Liderimiz Türkmenistan, onuň gadymy
taryhy, özboluşly däpleri we häzirki güni barada döreden ajaýyp eserlerinden
düşen galam haklarynyň hasabyna sadaka berdi.
Soňra Türkmenistanyň müftüsi tebärek
çykdy. Şondan soňra nahar çekildi. Nahardan soň, aýat-töwir okaldy we hormatly
Prezidentimiziň mukaddes Oraza aýynyň birinji gününde beren agzaçar sadakasynyň
Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagy dileg edildi.
Döwlet Baştutanymyzyň adyndan
paýtagtymyzyň Hezreti Omar metjidine awtoulag sowgat berildi.