milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
29.05.2020 1918 Habarlar

28-nji maýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde, dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, döwrebap dynç alyş düzümi kemala gelýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, wise-premýer Ş.Durdylyýew milli Liderimiziň garamagyna kölüň kenarynda üç zolak boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi we bu ýerde dynç alyş düzümlerini döretmek üçin bar bolan mümkinçilikler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenilýän taslamalaryň hatarynda tomusky çaýhanalar, azyk harytlary dükany, sport we oýun meýdançalary, ulular we çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş bassyrmalary bar. Şeýle hem ol ýerde işgärler üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, saglyk nokady, «Tiz kömek» ulaglary üçin awtoduralga we gözegçilik diňleri bar.

Soňra döwlet Baştutanymyz suw ulagynda kölde ýüzüşi amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz gaýykdan ajaýyp ýerli görnüşleri synlap, kölüň kenaryna geldi. Bu ýerde milli Liderimiziň garamagyna Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hünärmenleriniň taýýarlan taslamalary hödürlenildi. Bu ýerde dynç alşyň ähli ugurlaryny öz içine alýan taslamalaryň birnäçesi görkezildi. Şolaryň hatarynda sport meýdançalary, dükanlar we hyzmatlar ulgamyna degişli binalar we durmuş üpjünçiligi desgalary bar.