Şu gün hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy bilen paýtagtymyz
boýunça iş saparyny amala aşyrdy hem-de ony mundan beýläk-de binagärlik we
düzümleýin taýdan ösdürmegiň taslamalary bilen tanyşdy. Şol taslamalar maýa
goýum-gurluşyk maksatnamasynyň çäklerinde işlenip taýýarlanyldy.
Ir bilen milli Liderimiz Çoganly
toplumynyň çägine geldi. Bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe
orunbasarlary, Aşgabat şäheriniň häkimi we beýleki degişli ýolbaşçylar, şol
sanda Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Döwlet Baştutanymyz şäheriň dürli
künjeklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän medeni durmuş hem-de önümçilik
maksatly desgalaryň taslamalary we şolaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary
goýlan ýere bardy.
Hususan-da, milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna edara we jemgyýetçilik binalarynyň,
ýaşaýyş jaý toplumlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hödürlenildi.
Şolary 2020 — 2030-njy ýyllarda Bagtyýarlyk etrabynda gurup, ulanmaga bermek
göz öňünde tutulýar.
Bu iri durmuş maksatly taslamalar
tutuş şäherçäniň gurluşygyny öz içine alýar. Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň
hatarynda etrap häkimliginiň hem-de beýleki edara binalarynyň, hyzmatlar we
durmuş ulgamyna degişli binalaryň gurluşygy bar.
Düýpli maýa goýum serişdeleriniň
hasabyna bu ýerde her biri 320 orunlyk çagalar baglarynyň 8-sini gurmak
meýilleşdirilýär. Olar umumylykda 2560 çaga niýetlenendir. Şeýle hem her biri
960 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriň 6-sy göz öňünde tutuldy. Olar
jemi 5760 okuwça niýetlenendir. Şeýle hem bu ýerde Medeniýet öýi, Saglyk
öýleriniň ikisi we Bagt köşgi gurlar.
Bularyň ählisi jikme-jik
meýilnamalaryň esasynda dürli görnüşlerde görkezildi.
Mysal üçin, bu ýerde jemi 564
gektara barabar meýdanda ýaşaýyş jaýlarynyň 184-si ýerleşdiriler. Şolar
umumylykda 16 müň 614 öýli 15 gatly we 9 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr.
Ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary jemi 74 müň 800 maşgala
niýetlenendir.
Ýeri gelende aýtsak, her biri 88
öýli 15 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 72-si bolup, şolaryň 28-si üç otagly, 60-sy
bolsa 4 otagly öýlerden ybaratdyr. Umuman, bu jaýlar jemi 6 müň 336 maşgala
niýetlenendir.
Bu ýerde şeýle möçberdäki
maşgalalara niýetlenen 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 66-syny gurmak
meýilleşdirilýär. Şolarda jemi 96 öý bolup, 60-sy üç, 36-sy bolsa dört otagly
öýlerdir.
Ýene-de iki toplumdan ybarat
bolan 9 gatly ýaşaýyş jaýlary jemi 4 müňe golaý öýden ybarat bolar.
Mundan başga-da, awtomobil
ulaglarynyň duralgalarynyň, hyzmat öýleriniň, 1 müň 500 orunlyk stadiony bolan
sport toplumynyň, çagalar döredijilik merkeziniň, 48 gektara barabar meýdany
bolan seýilgähiň, düzümleýin ýol-ulag ulgamyna degişli desgalaryň, jemagat
hojalyk binalarynyň we söwda merkezleriniň hem-de inžener-kommunikasiýa
ulgamlarynyň we toplumlaryň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutuldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda gurulmagy meýilleşdirilýän Türkmen milli
konserwatoriýasynyň hem-de D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň täze
binalarynyň taslamalary bilen jikme-jik tanyşdy. Olary 10 ýyl abadançylyk
köçesiniň ugry boýunça «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň garşysynda, ikinji
görnüşi boýunça bolsa, Arçabil şaýolunyň ugrunda Parahat — 7 ýaşaýyş toplumynyň
garşysynda ýerleşdirmek teklip edilýär. Baş meýilnama laýyklykda bu okuw mekdepleriniň
toplumyna, esasy binalardan başga-da, konsert zallary, umumy ýaşaýyş jaýlary we
sport merkezi we stadion, dynç alyş zolagy, duralgalar girer.
Şeýle hem Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň goşmaça binalar toplumynyň, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
okuw merkeziniň we onuň iki sany umumy ýaşaýyş jaýlarynyň, köp gatly awtomobil
duralgalarynyň, gül bazarynyň gurluşygynyň taslamalary hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz dürli
beýiklikdäki iri ýaşaýyş toplumlarynyň taslamalaryna, şol sanda Köşi ýaşaýyş
toplumynyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň çyzgylaryna aýratyn
ünsi çekdi. Şäheriň sazlaşykly ösýän bu künjeginde çagalar baglaryny,
mekdepleri, ýylda 40 müň näsagy kabul etmäge niýetlenen Saglyk öýüni,
seýilgähleri we gök zolaklary gurmak meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, paýtagtymyzy
ösdürmegiň geljekki ugurlarynda şäher giňişliginiň döwrebap gurşawynyň
döredilmeginiň esasy talapdygyny belledi. Ýaşaýyş toplumlarynda adamlaryň
işlemegi, okamagy, dynç almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy üçin
ähli zerur şertler üpjün edilmelidir. Şolar häzirki zaman söwda, dynç alyş we
sagaldyş hyzmatlarynyň ýokary derejesine eýe bolmalydyr diýip, milli Liderimiz nygtady
.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri
arzuw edip, bu ýerden ugrady.