23-nji maýda irden hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary hem-de Aşgabat
şäheriniň häkimi bilen bilelikde paýtagtymyzyň merkezinde alnyp barylýan işler
bilen tanşyp, şäheriň esasy şaýollarynyň ugrunda arassaçylyk işleriniň üpjün
edilişine üns berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmegiň
we abadanlaşdyrmagyň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Iş maslahatyna
Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy
edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, şäheriň hem-de onuň
etraplarynyň dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriň rektorlary
gatnaşdylar.