Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow 18-nji iýunda irden Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap,
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinden paýtagtymyza tarap ugrady. Biraz
salymdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy. Bu
ýerde milli Liderimizi resmi adamlar garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Halkara
howa menzilinden ýolugra şähergurluşyk işleriniň barşy, hususan-da, häzirki
zaman «Garagum» myhmanhanasynyň hem-de bu ýerde bina edilýän 21-nji
ýöriteleşdirilen toplumyň mekdebinde we çagalar bagynda alnyp barylýan gurluşyk
işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem toplumyň çäginde fitnes we döredijilik merkezi
gurulýar. Munuň özi okuwçylaryň sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagyny
netijeli guramaga hem-de çagalaryň dürli ugurlarda zehinlerini ösdürmek boýunça
işi kämilleşdirmäge ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiz «Garagum»
myhmanhanasynyň gurluşyk işleri bilen içgin tanşyp, bu babatda birnäçe
bellikleri we maslahatlary aýtdy.