03.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda täze binalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29.10.2020 146 Habarlar

28-nji oktýabrda paýtagtymyzda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň hem-de «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabaralary boldy.

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.

S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgäniň üstünde özboluşly kub görnüşindäki «Mahabat» binasy oturdylyp, onuň boýy we ini 16 metre barabardyr. Binanyň granlary Oguz hanyň ýyldyzy görnüşinde ýerine ýetirilip, onda oturdylan wideoekranlarda dürli mahabatlar we beýleki maglumatlar görkeziler. Binanyň 5 metrlik sütünini hasaba almak bilen, onuň umumy beýikligi 21 metre barabardyr.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda ulanylmaga berilýän täze toplumlar toýumyza mynasyp sowgat bolar. Bu ajaýyp desgalar gözel paýtagtymyzyň owadanlygyny has-da artdyrar.