Düýn – 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Astana şäherinde geçirilýän «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli ikinji duşuşygyň çäklerinde Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy.
Federal Kansler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge başlangyçly çemeleşýändigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
Söhbetdeşler «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky ýokary derejeli duşuşygyň meseleleri boýunça pikir alşyp, köptaraplaýyn görnüşde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek babatda giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.