Düýn – 3-nji aprelde Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli forumyň çäklerinde duşuşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler. Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda Türkmenistan bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti nygtaldy.