15-nji
noýabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer
E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän
pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, welaýatlarda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl galla we pagta
taýýarlamak boýunça döwlet tabşyryklarynyň doly ýerine ýetirilendigine
garamazdan, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde uly wezipeleriň
durýandygyny, bu wezipeleriň çözülişiniň çaltlandyrylmalydygyny belledi.
Birinjiden,
bugdaý ekilýän meýdanlaryň möçberini azaldyp, gowaça meýdanlaryny artdyrmak
barada karara gelindi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ilatymyzyň
azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Ikinji mesele — oba
hojalygynda işewürlik üçin oňaýly şertleri döretmeli hem-de döwletiň ornuny
azaltmaly. Üçünji mesele — tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmagy üpjün
etmeli. Daşky gurşawy goramaga aýratyn üns bermeli.
Dördünji
mesele oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek bilen baglanyşyklydyr diýip,
döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba
hojalyk bilimini we ylmyny mundan beýläk-de ösdürmelidigini, maglumat hem-de
maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmelidigini belledi.