milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumy we kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumy we kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri boýunça maslahat geçirdi
16.06.2020 666 Habarlar

15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Ara alnyp maslahatlaşylmagyna hödürlenen esasy meseleleriň hatarynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň ýagdaýy, milli kanunçylygymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ugurlary, öňdäki wezipeleri kesgitlemek meseleleri bar.

Maslahatyň dowamynda wise-premýer E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentimiziň Daşoguz hem-de Balkan welaýatlaryna boljak iş saparlaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem bu sebitleriň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň depginleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek işlerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna ugrady.