Düýn – 20-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan Halkara agyr atletika federasiýasynyň işjeň agzasy bolup durýar. 2018-nji ýylda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty munuň aýdyň mysalydyr. Bu oýunlar türkmen topragynda sportuň ösüşine has-da itergi berip, Aziýa yklymynda sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşant goşdy. Federasiýanyň ýolbaşçysy Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturasynyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi we sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin hormatly Prezidentimize, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi.