Düýn – 4-nji aprelde Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz sammitde eden çykyşynda bu duşuşygyň aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýokary derejedäki şeýle duşuşykda ilkinji gezek gepleşikleri geçirýändigini belledi. Munuň özi gatnaşyjylaryň hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, ýakynlaşmaga we gatnaşyklaryň berk usullaryny döretmegiň zerurdygyna düşünýändigine şaýatlyk edýär. Döwlet Baştutanymyz bilelikdäki işiň möhüm ugurlaryna ünsi çekip, şunda ýurdumyzyň sebit parahatçylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny saklamaga aýratyn ähmiýet berýändigini aýtdy.