28-nji
fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş
saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde — Gurbanguly hajy metjidinde
berlen sadaka gatnaşdy.
Sebitiň baş
metjidi welaýatyň ýaşaýjylarynyň haýyşy boýunça 2009-njy ýylda guruldy. Milli
Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu asylly iş üçin Türkmenistanyň
Prezidentiniň haýyr-sahawat gaznasyndan serişdeleri bölüp berdi. Dindarlaryň
haýyşy boýunça metjit Gurbanguly hajy metjidi diýlip atlandyryldy.
Bina milli
binagärligiň iň gowy däpleriniň esasynda guruldy. Ýokarsynda altynsow reňkli
ýarymaý şekillendirilen, nagyşlar bilen bezelen esasy gümmeziň diametri 24
metre barabardyr. Dört minaranyň her biriniň beýikligi 63 metrdir. Namaz
okalýan zal bir wagtyň özünde 2,5 müň adamyň namaza durmagy üçin niýetlenendir.
Metjidiň ýokarky gaty zenanlara niýetlenendir. Gümmezi sütünleriň 8-si
saklaýar.
Hajy Arkadagymyz
mukaddes Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen keramatly Käbäniň
ýazgysy bolan örtügi we keramatly teperrigi ajaýyp ylahy gymmatlyk hökmünde
Mary welaýatynyň baş metjidine sowgat etdi.
Milli Liderimiz metjidiň binagärlik aýratynlyklary bilen tanşyp, sadaka jaýyna bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz özüniň döreden Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däpleri we häzirki güni barada gürrüň berýän ajaýyp eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna sadaka berdi.