milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy
08.04.2025 97 Habarlar | Sport

Düýn – 7-nji aprelde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden baýram etdi. Baýramçylyk mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Ýöriş Aşgabadyň günorta böleginde – Köpetdagyň ajaýyp dag etegi boýunça uzaýan Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinde badalga aldy. Aşgabadyň we onuň töwerekleriniň tebigy gözelliklerini gorap saklamak babatda alnyp barylýan netijeli işler esasynda bu ajaýyp künjekde jana şypaly howa gurşawy emele geldi. Munuň özi bu özboluşly pyýada ýodasyny paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň işjeň dynç almak üçin iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwürdi.

Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen welosipedli ýörişler dünýä ýurtlarynda baýramçylyk günlerinde dürli durmuş, ekologik taslamalary we başlangyçlaryny goldamak maksady bilen guralýan jemgyýetçilik ähmiýetli çäreleriň giňden ýaýran görnüşleriniň biridir.