5-nji martda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly
Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde döredilen ýaşyl zolaklary synlady. Milli
Liderimiz bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna
gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň haýyşy boýunça köpçülikleýin bag
ekmek dabarasy üçin niýetlenen bag nahallarynyň görnüşleri bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanymyz Şapolat atly bedewe atlanyp, bu
ýerde döredilen tokaý zolaklaryny, dag eteklerinde ekilen baglary synlady.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän toplumlaýyn bag
ekmek strategiýasy ýurdumyzda amatly ekologiýa ýagdaýynyň emele gelmegini üpjün
edýär.
Bu ýerde wise-premýer E.Orazgeldiýew her künjegiň
toprak-howa şertlerini nazara alyp, ekilmegi meýilleşdirilýän bag nahallarynyň
görnüşlerini görkezip, olary synlamagy we bu babatda degişli öwüt-ündewlerini bermegi döwlet Baştutanymyzdan haýyş etdi. Şolaryň arasynda
saýaly, pürli we miweli baglaryň, arçalaryň dürli görnüşleri, derek agajy bar.
Şu günler köpçülikleýin bag nahallaryň ekiljek ýerleri talaba laýyk derejede
taýýarlanyldy.
Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzyň günorta künjeginde dowam edýän gurluşyklarda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.