milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
13.05.2025 157 Habarlar

Düýn – 12-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Iş maslahatynyň dowamynda welaýatlaryň häkimleri möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak, talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri dowam edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işine guramaçylykly girişildi.