milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
25.03.2025 106 Habarlar

Düýn – 24-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Bellenilişi ýaly, sebitlerde bugdaý ekilen meýdanlaryny agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde geçirmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlaryny mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam edýär. Şeýle-de pile öndürijiler bilen şertnamalar baglaşylyp, ýüpekçi kärendeçileri ýüpek gurçugynyň tohumy bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreler görülýär.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlarda şu ýylyň 26-njy martynda gowaça ekişine başlamak boýunça dabaraly çärelere gowy taýýarlyk görmegi, bugdaýly meýdanlary ikinji gezek mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda haşal otlaryň we zyýan berijileriň garşysyna göreşmek boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.