milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz iri şäheri döretmegiň taslamalary bilen tanyşdy
26.03.2019 759 Habarlar

25-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň barşynda Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri şäher toplumynyň gurluşygynyň tasmalary bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz säher bilen Çoganly ýaşaýyş toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan taslamalaryň tanyşdyrylyş çäresiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi we şäher häkimliginiň hünärmenleri garşyladylar.

Ýygnananlaryň hatarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary, talyplary bar.

Ýaşaýyş durmuş düzüminiň desgalarynyň hatarynda köpugurly hassahana, saglyk öýler, söwda-dynç alyş merkezleri, sport mekdebi, stadion we sport toplumy, köpgatly awtoduralgalar bar. Şeýle hem bu ýerde «Türkmenbaşy» we «Halkbank» döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalarynyň binalary gurlar.

Taslamalaryň birinji görnüşinde Aşgabat — Daşoguz ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň iki tarapyndan ýaýbaňlanjak şäherçäniň meýdany 620 gektara deň bolar. Toplumda 15 — 30 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 130-sy ýerleşdiriler. 16 müň 696 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynda ýokary durmuş ülňüleri üpjün edilip, olarda döwrebap ýaşaýyş we amatly dynç alyş üçin aňrybaş şertler dörediler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenilen taslamalar boýunça ikinji teklibi hem Aşgabat şäher häkimligi taýýarlady. Baş meýilnama gadymy döwürlerden bäri amaly-haşam sungaty gymmatlyklarynyň bezeginde peýdalanylýan däp bolan milli nagyşlaryň biriniň görnüşinde ýerine ýetirilipdir. 663 gektar meýdanda köpsanly durmuş maksatly desgalar — 134 köpgatly ýaşaýyş jaýy ýerleşdiriler, olar 18 müň 568 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany takmynan 112 müň adama deň bolar.

Ýurdumyzyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň taýýarlan üçünji teklibinde Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolundan gündogar tarapda ýaýbaňlanjak gurluşyklaryň umumy meýdany 720 gektara barabar bolar. Onda beýleki häzirki zaman binalary bilen bir hatarda 16 müň 884 maşgala niýetlenen ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 177-sini gurmak göz öňünde tutuldy. Olar 12, 15, 18, 22, 26, 30, 32, 34 we 35 gatly jaýlardyr. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň we syn ediş diňiniň gurluşygy bu taslamanyň aýratynlygydyr. Şeýle hem taslamanyň bu görnüşinde şäher ýollarynyň, seýilgähleriň hem-de çüwdürimleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler.

Täze şäherçäniň dördünji taslamasy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa dürli düzüm görnüşlerinde hödürlenildi. Mysal üçin, «A» we «B» görnüşlerine laýyklykda, täze binalaryň umumy meýdany 520 gektara deň bolar, bu ýerde 15 gatdan 35-e çenli gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 102-sini gurmak meýilleşdirilýär, olar 8 müň 566 maşgala niýetlenendir. Şäherçäniň ilatynyň sany 51 müň adamdan geçýär.

Taslamanyň «Ç» görnüşi göl şekilinde ýerine ýetirilip, has giň möçberlidir. Şäherçäni 920 gektar meýdanda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar, bu ýerde 15 müň 384 maşgala niýetlenen köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň 168-si bina ediler hem-de ýokarda görkezilen köpsanly edara ediş we durmuş maksatly desgalar gurlar.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň taýýarlan taslamalary bilen tanşyp, hormatly Prezidentimiz ähli desgalaryň göwnejaý ýerleşdirilmeginiň möhümdigine ünsi çekdi hem-de paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmekde şäher giňişliginiň durmuş gurşawyny guramagyň aňrybaş derejesini üpjün edilmeginiň baş ýörelge bolup durýandygyny belledi.