milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşdy
1 gün öň 17 Habarlar

Düýn – 17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen Astanada geçirilýän ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitinde çykyş edip, duşuşygyň gatnaşyjylaryň ählisiniň gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna düşünýändigine, oňa hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermäge taýýardygyna, hyzmatdaşlygyň berk gurallarynyň ýakynlaşdyrylmagyna çalyşýandygyna şaýatlyk edýän wajyp ähmiýetli waka bolup durýandygyny, sammitiň netijeleriniň biziň gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmakda, özara düşünişmegi gazanmakda, anyk ylalaşyklara çykmakda täze, möhüm tapgyry alamatlandyrjakdygyna ynanýandygyny belledi. 

Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Germaniýanyň Hökümetiniň Baştutany we meşhur nemes kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdi.