Düýn – 16-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ITOCHU Corporation» kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, ýerine ýetiriji wise-prezidenti, maşyn we enjamlar kompaniýasynyň prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaýy kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa – Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Döwletara gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak esasynda işjeň ösdürilýär hem-de kämilleşdirilýär. Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde, ýagny «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.