6-njy oktýabr — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji
ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli uruşlaryň söweş
meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyralaýarlar.
Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra
çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda geçirilen gül
goýmak çäresi hem-de berlen sadaka parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam
etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna
nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Biz
öten-geçenleri hemişe ýatlaýarys, Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we
bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.