milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy
07.10.2024 143 Habarlar

Düýn – 6-njy oktýabrda Hatyra gününde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary hem-de söweş meýdanlarynda wepat bolanlar hatyralanyldy. «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralap, «Ruhy tagzym» ýadygärligine, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de ata Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde wepat bolan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärliklerine gül çemenlerini goýdy. 

Şeýle çäreler paýtagtymyzda bolşy ýaly, Arkadag şäherinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem geçirildi.