Düýn – 27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi.
Söhbetdeşler häzirki wagtda parlamentara gatnaşyklaryň ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagy, düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup çykyş edýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň okgunly häsiýete eýedigi aýdyldy. Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti assambleýanyň sessiýalaryna, onuň howandarlygynda geçirilýän dürli okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Şunuň bilen birlikde, ykdysady ösüş, energiýa serişdeleriniň dürli ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylygy, daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly meseleler boýunça hem tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigine üns çekildi.