Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň ikinji güni
dürli möhüm wakalara baý boldy.
22-nji
oktýabrda irden «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen ady
dakmak dabarasy boldy.
Ýokary okuw
mekdebiniň Alymlar geňeşiniň döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa
türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy hem-de ylmy we bilimi
ösdürmek üçin alyp barýan işi üçin Hirosaki uniwersitetiniň Hormatly doktory
adyny dakmak hakyndaky çözgüdi yglan edildi.
Uniwersitetiň
ýolbaşçysy ýygnananlaryň şowhunly elçarpyşmalary astynda dabaraly ýagdaýda
hormatly Prezidentimize degişli diplomy gowşurdy.
Soňra döwlet
Baştutanymyz bu ýerde Ýaponiýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşdy.
Döwlet Baştutanymyz
talyplara ýüzlenip, siz öz ýokary ylym-bilimiňiz bilen dogduk Diýaryňyza gelip,
berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alnyp barylýan giň gerimli işlere
goşandyňyzy goşmalysyňyz diýip, olara ak pata berdi.
Döwlet
Baştutanymyz günüň ikinji ýarymynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasyndan çykyp,
Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgüne tarap ugrady. Bu ýerde milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow dabara çagyrylan beýleki belent mertebeli myhmanlar
bilen bilelikde, Imperator Naruhitonyň tagta çykmagy mynasybetli geçirilýän
dabara gatnaşdy.
Çärä dünýäniň
180-den gowrak ýurdundan wekiller, şeýle hem myhmanlaryň 2 müňe golaýy gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iş sapary dowam edýär.