4-nji awgustda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi. Giňeldilen düzümdäki türkmen-täjik gepleşikleri tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Geçirilen duşuşyklaryň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň iki döwletiň bähbitlerine kybap gelýän ýakyn ikitaraplaýyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydygy tassyklanyldy, dürli ugurlarda türkmen-täjik gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin zerur mümkinçilikleriň bardygy bellenildi, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary kesgitlenildi.