milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşygynda eden çykyşy
12.02.2020 1212 Habarlar

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Biziň, haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiz bar. Şu parasatly däbe eýerip, biz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin şu gün siziň bilen duşuşýarys.

Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr.

Garaşsyz döwletimiziň bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Bu bolsa Ýer ýüzünde ählumumy parahatçylygy we ylalaşygy pugtalandyrmak, özara düşünişmäge hem-de ynanyşmaga esaslanan halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge çalyşýan döwlet hökmünde Garaşsyz Watanymyzyň at-abraýyny has-da ýokarlandyrýar.

Şoňa görä-de, şeýle hukuk ýagdaýyna eýe bolmak bilen, biziň esasy wezipämiz özi üçin demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň nusgalyk ýoluny saýlap alan ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegini üpjün etmekden ybaratdyr.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Men häzir ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýy we halkara meseleleri barada aýdyp durjak däl. Bu meselelere biz Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanyp ýakynda geçirilen giňişleýin mejlisinde jikme-jik seretdik.

Men diňe kabul eden maksatnamalarymyzy we öňde goýan wezipelerimizi goldanyp, çalt depginler bilen ösýän, dünýä ykdysadyýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen milli ykdysadyýetimizi döredendigimizi bellemek isleýärin.

Biziň üstünlikli geçirýän ykdysady özgertmelerimiziň bolsa şol bir wagtda güýçli durmuş syýasaty bilen üsti ýetirilýär. Hut şunuň netijesinde, soňky ýyllarda ýurdumyz uly üstünlikleri gazanmagy başardy. Bu bolsa bize durmuş-ykdysady ösüşde möhüm sepgitleri eýelemäge mümkinçilik berdi.

Bu üstünlikleri kanunçylyk taýdan üpjün etmekde Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň uly goşandynyň bardygyny kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin.

«Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen geçen ýylda Türkmenistanyň Mejlisi, Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlyk edip, giň kanun çykaryjylyk işini alyp bardy. Demokratik döwletimiziň hukuk esaslaryny mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, saýlaw okruglarynda deputatlaryň geçirýän işleriniň gerimini hem yzygiderli giňeldýär. Bu bolsa ýerlerde halkymyzyň bähbidine gönükdirilen döwlet derejesinde geçirilýän işler hakynda her bir adamyň habarly bolmagyny ýokarlandyrmaga hem-de hukuk medeniýetini emele getirmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzda demokratik başlangyçlary ykrar etmek we ösdürmek, döwletimiziň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça hem möhüm işler geçirilýär.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Men şu gün siziň ýakyn wagtda çözmeli käbir wezipeleriňizi kesgitlemek isleýärin. Soňky ýyllarda uly üstünlikleri gazanandygymyzy aýdandygyma garamazdan, biz siziň bilen ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça şu ýyl köp işleri etmelidiris.

Siziň bilşiňiz ýaly, biz ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak hem-de ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan ikinji mejlisinde konstitusion özgertmeleri geçirmegi yglan etdik.

Garaşsyz döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny pugtalandyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik esaslaryny kämilleşdirmek üçin biziň öňe süren bu başlangyjymyzyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly her bir raýatyň öz tekliplerini we belliklerini aýtmaga hem-de hödürlemäge mümkinçiligi bolar ýaly ähli şertleri döretdik.

Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparyna dürli edaralardan we kärhanalardan, şeýle hem raýatlardan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça köp sanly teklipler gelip gowuşýar.

Halk köpçüligi ähli ýerlerde geçirilýän maslahatlara, duşuşyklara, ýygnaklara gatnaşyp, olarda bu meseleleri işjeň ara alyp maslahatlaşýar. Bu bolsa jemgyýetimizde döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň hil taýdan täze, iki palataly ulgamyna geçmek baradaky başlangyjymyzyň doly goldaw tapýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Diňe häkimiýet bilen jemgyýetiň hemişelik hyzmatdaşlygy arkaly häzirki zaman geosyýasatynda göz öňünde tutulan sazlaşykly ösýän döwleti gurup bolar.

Şoňa görä-de, ýakyn günlerde Esasy Kanunymyza giriziljek ähli üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň taslamasyny çap edip, şu ýylyň iýul aýyna çenli halkymyza ara alyp maslahatlaşmak üçin bermeli. Konstitusion kanunyň gutarnykly taslamasyny bolsa Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň garamagyna hödürlemeli.

Şu kanuny taýýarlamak bilen baglylykda, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny, «Türkmenistanyň Mejlisi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek boýunça degişli işleri geçirmek, «Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralary hakyndaky» Kanuna hem-de Türkmenistanyň Saýlaw Kodeksine degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek işlerini geçirmeli diýip hasap edýärin.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak milli Parlamentiň kanun çykaryjylyk işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Mejlisi «Administratiw önümçilik hakyndaky» Kanuny kabul etdi.

Bu Kanun ýurdumyzyň dolandyryş edaralary tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan önümçiligiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we kadalaryny kesgitleýär.

Bu Kanun adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmegini hem-de kanunyň hökmürowanlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Emma kazyýetlerde administratiw işlerine garamagyň hukuk esaslaryny kesgitlemek üçin, şeýle hem häzirki döwrüň talaplaryna we halkara hukugyň standartlaryna laýyklykda Administratiw iş ýörediş Kodeksiniň taslamasy işlenip taýýarlansa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Ýurdumyzda, hususan-da, jenaýat-hukuk gatnaşyklary babatda alnyp barylýan ynsanperwer syýasaty goldanyp, jemgyýetimiz we döwletimiz üçin o diýen howp döretmeýän hukuk bozulmalaryny jenaýat jogapkärçiligine çekilýän diýlip görkezilen birnäçe etmişleriň arasyndan aýryp, olary administratiw hukuk bozulmalarynyň hataryna geçirmek zerur diýip hasap edýärin.

Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň täze, rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak işini hem dowam etmeli. Bu Kodeksi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünlerine we kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurdygyna hem siziň ünsüňizi çekmek isleýärin.

Häzirki halkara tejribä görä, jenaýat jogapkärçiliginden boşatmak göz öňünde tutulýan jenaýat-hukuk gatnaşyklaryna ynsanperwerlik häsiýetini berip, şeýle etmişler üçin salynýan jerimeleriň möçberlerini artdyrmagy göz öňünde tutmaly.

Biz Arbitraž iş ýörediş kodeksiniň rejelenen görnüşini hem taýýarlamalydyrys we kabul etmelidiris. Bu Kodeksiň arbitraž kazylarynyň jedellere garamak tejribesini kämilleşdirmekde möhüm ähmiýeti bolar diýip hasaplaýaryn.

Mundan başga-da, häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alyp, Raýat Kodeksiniň täze redaksiýasyny taýýarlamak boýunça işleri hem dowam etmek zerur bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, halkara tejribä görä, şu Kodeksde halkara hususy hukugyň düzgünleri-de beýan edilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Şu ýyl hukuk düzgünleriniň bozulmalarynyň öňüni almak babatda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek maksady bilen, bu ugurda «Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak we kabul etmek zerur diýip hasaplaýaryn.

Şeýle hem, «Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüniň alynmagy we ýok edilmegi hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kämilleşdirmek hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek gerek diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Dünýäde bolup geçýän çylşyrymly syýasy, ykdysady we maliýe ýagdaýlarynyň biziň ykdysadyýetimize ýetirýän täsirini azaltmak, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ykdysadyýetimizi ösdürmek örän möhüm meseleleriň biri bolup durýar.

Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda hususy telekeçiligiň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, telekeçilik pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, maliýe-ykdysady ulgamy durnukly ösdürmek boýunça işleri ýokary depginler bilen dowam etmek zerurdyr.

Bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny yzygiderli seljermek we zerur bolanda kämilleşdirmek möhümdir.

Size mälim bolşy ýaly, döwrüň talaplaryna laýyklykda, biz döwlet serişdelerini aýawly peýdalanmak, býujet-salgyt, pul-karz gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, şeýle hem maliýe bazaryny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi giňeldýäris.

Şunuň bilen birlikde, ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürijileri goldamak, goşmaça iş orunlaryny döretmek ýaly, möhüm ugurlarda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işleri hem dowam etmek zerur diýip hasaplaýaryn.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen bagly meseleler hem alyp barýan döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Biziň öňümizde döwletimizi ýokary depginler bilen ösdürmek, şunuň bilen birlikde, sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly şäher bilen obanyň arasyndaky tapawudy aýyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.

Bu wezipeler maglumat-kommunikasiýa hyzmatlarynyň, şol sanda internet hyzmatlarynyň hilini we durnukly bolmagyny ýokarlandyrmagy, maglumat-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmegi, şeýle hem adamyň aň-düşünje mümkinçiliklerini doly ulanmagy talap edýär.

Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin onuň hukuk binýadyny kämilleşdirmek möhüm mesele bolup durýar.

Ata Watanymyzy sebitiň we kontinentiň möhüm ulag-logistika merkezine öwürmek üçin ýerasty baýlyklarymyzyň känlerini senagat taýdan işläp geçmek we ýerli çig mallardan goşulan bahasy ýokary bolan taýýar önümleri öndürmek boýunça işleri hem çaltlandyrmaly.

Maýa goýumlaryny, şol sanda daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ilkinji nobatda, düýpli maýa goýumlaryny çekmek üçin hukuk, maliýe we beýleki şertleri döredýän kanunçylyk namalaryny hem kämilleşdirmeli.

Şol bir wagtda «Daşary ýurt maýa goýumlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny döwrebap ýagdaýa getirmeli. Bu Kanunda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we bäsleşige ukyply önümleri öndürýän kärhanalaryň döredilmegini höweslendirmegi göz öňünde tutmaly.

Ýurdumyzyň aýry-aýry sebitleriniň we çäkleriniň emele gelen üpjünçilik ulgamlaryny täzelemek we ösdürmek, bu işlere telekeçileri çekmek üçin şertleri döretmek boýunça hem işleri geçirmeli.

Şeýle hem maýa goýumlaryny çekmek, öňdebaryjy tehnikalary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri ösdürmek, sebit derejesinde hojalygy dolandyrmagyň bazar ykdysadyýetiniň kadalaryna laýyk gelýän täze usullaryny ulanmak, goşmaça iş orunlaryny döretmek, ýurdumyzyň sebitlerinde daşary ykdysady işi güýçlendirmek maksady bilen, bu işleri kadalaşdyrýan degişli kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr.

Täze iş orunlaryny döretmegi höweslendirmek üçin, welaýat we etrap häkimlikleri tarapyndan ýurdumyzyň sebitlerinde senagat, oba hojalyk zolaklary we beýleki zolaklar döredilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Şeýle zolaklar döredilende olaryň hereket etmegi üçin amatly kanunçylyk şertlerini üpjün etmeli. Welaýatlaryň we etraplaryň ilatynyň işlemegi üçin bu zolaklarda mümkinçilikleri döretmeli. Bu ýerlere gaz we elektrik, suw, lagym, aragatnaşyk ulgamlaryny we ýollary çekmeli hem-de beýleki amatly şertleri göz öňünde tutmaly.

Şunuň bilen baglylykda, önümçilik desgalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki binalary gurmak üçin ýer böleklerini bermek meselelerini düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň üstünde hem işlemeli.

Ilat üçin elýeterli bolan ýaşaýyş jaýlaryny ýokary depginler bilen gurmagy dowam etdirmek hem örän möhüm meseledir.

Önümçilik kärhanalaryny, şol sanda senagat toplumlaryny ösdürmek kabul eden maksatnamalarymyzda göz öňünde tutulan esasy wezipeleriň biridir. Munuň üçin bolsa ýer, çig mal serişdelerini, işçi güýjüni netijeli ulanmak maksady bilen, degişli guramaçylyk, dolandyryş, maliýe we hukuk şertlerini kämilleşdirmek zerurdyr.

Şu nukdaýnazardan, biz welaýat we etrap merkezlerinde köp gatly ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy üpjün etmeli. Şu meselelere seredilende ýer böleklerini bermek işlerini ýönekeýleşdirmeli.

Telekeçileriň guran jaýlaryny ýerlemegiň, kärendä bermegiň ýa-da beýleki görnüşde ulanmaga bermegiň hukuk kepillendirmelerini döretmeli.

Şunuň bilen baglylykda, welaýat häkimlikleriniň fiziki we ýuridik şahslara gurluşyk üçin ýer böleklerini bermek hakyndaky kararlary çykarmaga ygtyýarlyklaryna gaýtadan seredilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn. Şeýle hem «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi Kanunyny, «Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakyndaky» we «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlaryny seljermek boýunça hem degişli işler geçirilse, dogry bolar diýip pikir edýärin.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, elektron Hökümet ulgamyny ornaşdyrmak Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň geljekki ösüşini göz öňünde tutýan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» we beýleki maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga ýardam berer.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem ýokarda agzalan döwlet Maksatnamasynyň doly amala aşyrylmagyna netijeli hyzmat etmelidir. Bu barada aýtmak bilen, men ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň ygtybarly hukuk esasyny döretmek boýunça gaýragoýulmasyz işleri geçirmegiň zerurdygyna deputatlaryň ünsüni çekmek isleýärin.

Ýene-de bir hukuk namasynyň — «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakyndaky» namanyň kabul edilmegi hem zerur bolup durýar.

Bu bolsa dolandyrmagyň netijeliligini elektron iş ýörediş we resminama dolanyşygy ulgamyny ornaşdyrmagyň hasabyna ýokarlandyrmak bilen baglydyr.

Siziň bilşiňiz ýaly, ýurdumyzyň Hökümeti aň-bilim eýeçiligi ulgamyny ösdürmek meselesine uly üns berýär. Bu ugurda biz Türkmenistanyň aň-bilim eýeçiligi ulgamyny 2015 — 2020-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasyny kabul etdik. Şu maksatnama laýyklykda, 2019-njy ýylda «Haryt nyşanlary hakyndaky» we «Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakyndaky» Kanunlar kabul edildi.

Aň-bilim eýeçiligine hukuklary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek bu eýeçiligi kadaly ulanmagyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Maksatnamada göz öňünde tutulan kanunçylyk taslamasyny taýýarlamak boýunça işi dowam etmeli. Şeýle hem «Firma atlary hakyndaky», «Ylmy açyşlar hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary taýýarlansa, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Garaşsyz döwletimizde amala aşyrylýan her bir özgertme we maksatnama ilatymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şoňa görä-de, biz bu syýasatymyzy yzygiderli alyp barýarys. Mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen, her ýyl býujet edaralarynyň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň zähmet haklaryny, pensiýalary we döwlet kömek pullaryny, talyp hem-de diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrýarys. Biz bu işi geljekde hem dowam etmek bilen, ilatymyzy ýaşaýyş-durmuş taýdan goramaga gönükdirilen kanunlara aýratyn ähmiýet bereris.

Durmuş goragy ulgamynda geçirilýän her bir özgertme kanunçylyk taýdan berkidilmelidir. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky Kodeksine degişli üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutmak zerurdyr.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Halkymyzyň saglygy milli baýlygymyzdyr. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar astynda alyp barýan syýasatymyzyň esasy maksatlaryny goldanyp, biz ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini we sporty ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Häzirki zaman sport ulgamlarynyň döredilmegi we ata Watanymyzyň bütin dünýäde sport ýurdy diýlip ykrar edilmegi biziň bu ugurda gazanan iň uly üstünligimizdir.

Garaşsyz döwletimiz Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, halkara olimpiýa hereketini ösdürmäge mynasyp goşant goşýar. Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde men size hereket edýän kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrýaryn.

Ýöne häzir men siziň ünsüňizi ýene bir möhüm meselä çekmek isleýärin. Häzirki döwürde kompýuter hem-de maglumat ulgamlarynyň ösüşi bilen baglylykda, çagalar we ýetginjekler, şeýle hem dürli ýaşdaky adamlar köp wagtyny kompýuteriň, telefonyň we planşetiň başynda geçirýärler. Şu sebäpli, adam az hereket edýär, gipodinamiýa ýagdaýynda galýar. Bu bolsa onuň gözlerine ýaramaz täsir edýär, semredýär we saglyga başga-da birnäçe zyýan ýetirýär.

Bu meseläni çözmek döwletimiziň we bütin jemgyýetimiziň gaýragoýulmasyz wezipesi bolup durýar.

Biz çagalarymyzy hem-de ýetginjeklerimizi aň-bilimini we ukyplaryny terbiýeleýän sportuň dürli görnüşleri, şol sanda hereketli milli oýunlar bilen meşgullanmaga çekmegiň netijeliligini has ýokarlandyrmalydyrys. Ähli tagallalarymyzy ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmäge gönükdirmelidiris.

Ýaşlar biziň geljegimizdir. Olar häzirki zaman tehnologiýalaryny we innowasiýalaryny özleşdirip, Garaşsyz döwletimiziň ösüş depgininiň has üstünlikli bolmagyny üpjün etmelidir.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Siz sagdyn ýaşaýşy döretmek we goldamak, kadaly iýmitlenmek, sport bilen meşgullanmak, milli medeniýetimize, dilimize we edebiýatymyza, taryhymyza söýgi ruhunda terbiýelemek bilen bagly düşündiriş hem-de aň-bilim işleriniň derejesini ýokarlandyrmaly. Şular bolmazdan, ýaş nesillerimiz sagdyn ösüp we öňüni alyş çäreleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak işine has işjeň gatnaşyp bilmez.

Bu diňe ministrlikleriň ýa-da pudagyň we toplumyň wezipesi däldir. Tutuş döwürleýin ähmiýetli wezipedir. Şoňa görä-de, aýdylyşy ýaly, bu iş bilen hemmämiz bilelikde meşgullanmalydyrys.

Şu mesele boýunça beýleki döwletleriň tejribesi öwrenilse we zerur bolanda kanunlarymyza milli ýörelgelerimize laýyk gelýän kadalar girizilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

«Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny Türkmenistanda durmuşa geçirmegiň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler üstünlikli çözülýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Beýleki kanunçylyk namalarynda bolşy ýaly, bu Kanunda hem temmäkä garşy göreşmäge gönükdirilen anyk düzgünler kesgitlendi.

Alkogolyň ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy hem kabul edildi. Şeýle hem ýurdumyzda alkogolly içgileriň adamyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almaga, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilen hereket edýän kanunçylyk namalarynyň üsti «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny bilen ýetirildi.

Men halkara bilermenleriň ýokarda agzalan kanunlara hem-de olary amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda geçirilýän işlere ähli döwletler üçin nusgalyk hökmünde baha berýändiklerini bellemek isleýärin.

Ýokanç keselleriň dürli görnüşleriniň öňüni almak we duýdurmak boýunça ýörite kanuny kabul etmegiň zerurdygyna hem siziň ünsüňizi çekmek barada aýratyn durup geçmek isleýärin. Biz dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak üçin ähli durmuş-hukuk şertlerini hem-de kepillendirmelerini döretmelidiris.

Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri üpjün etmek bilen bagly gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmelidiris. Ýokanç keselleri bolan adamlara tölegsiz ýa-da ýeňillikli lukmançylyk kömegini bermek üçin şertleri döretmelidiris.

Biz 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Zähmet Kodeksini kabul etdik. Geçen döwrüň içinde ykdysadyýetimiziň düzüminde düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Şoňa görä-de, şu Kodeksiň bitewüligini üpjün etmek, ony ulanmak üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň rejelenen görnüşini taýýarlamaga girişmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn.

Ýaş nesillerimize mynasyp terbiýe bermek biziň üstünliklerimiziň gözbaşydyr. Şoňa görä-de, maşgala gymmat-lyklaryna biz uly üns berýäris. Sebäbi ýaşlarymyzyň ýokary ahlak häsiýetleri şu gymmatlyklaryň esasynda kemala gelýär.

Çagalarda milli buýsanjy, beýleki halklara, şeýle hem Garaşsyz döwletimiziň we jemgyýetimiziň gazanan üstün-liklerine hormat goýmagy terbiýelemek maşgaladan başlanýar. Şonuň üçin hem, bu gatnaşyklary yzygiderli kämilleşdirmek, hukuk taýdan berkitmek we olaryň berk kepillendirmelerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Maşgala Kodeksine häzirki döwrüň talaplaryna esaslanýan degişli üýtgetmeler girizilse, dogry bolar diýip hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Häzirki döwürde Türkmenistanda kämil bilim ulgamy döredildi. Bu ulgam raýatlarymyza häzirki zaman bilimini bermäge we ykdysadyýetimizi ýokary derejeli dürli hünärmenler bilen üpjün etmäge ukyplydyr. Ýurdumyzy geljekde durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasy, dünýäde bolup geçýän ählumumy üýtgeşmeler bizden bilim syýasatyna degişli özgertmeleri giňeltmegi, kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi, bu ulgamy maliýeleşdirmegiň hem-de dolandyrmagyň ýörelgelerini, düzümini we beýleki taraplaryny kämilleşdirmegi talap edýär.

Biz oba ýerlerindäki üpjünçilik ulgamlaryny üýtgetmek boýunça giň gerimli maksatnamalary belledik. Obalarda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady ep-esli berkidildi. Indi obalardaky orta mekdepleri we mekdebe çenli çagalar edaralaryny döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek meselesini hem çözmelidiris.

Ýurdumyzda bilim hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini giňeltmek hem zerurdyr. Mekdepleriň işini kämilleşdirip, dünýä dillerini düýpli öwredýän mekdeplerden başga-da, tehnologik ugurly orta mekdepleri we ýörite synplary hem döretmelidiris. Bu synplarda inžener-tehniki işlere ýykgyn edýän, konstruktorçylyk pikirleri bo-lan zehinli çagalar okamalydyr.

Häzirki döwürde matematika ugurly mekdeplere hem möhüm ähmiýet bermeli. Bu mekdeplerde biziň döwrümiz üçin zerur bolan sanly ykdysadyýet hünärleri boýunça düýpli bilim bermek göz öňünde tutulýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bu ugurdaky kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bagly işleri geçirmelidir.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Biz, ilkinji nobatda, milletimiziň baý medeni mirasyny gorap saklamak, dikeltmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli işleri geçirmelidiris. Türkmen halkynyň ruhy hazynalary häzirki dö-würde diňe biziň milli gymmatlygymyz bolmak bilen çäklenmän, eýsem, umumadamzat baýlygy hem bolup durýar.

Häzirki wagtda biziň üçin, çagalar bagyndan başlap, orta we ýokary okuw mekdeplerine çenli ýaş nesillerimize türkmen dilini we edebiýatyny, medeniýetli sözlemegi hemmetaraplaýyn öwretmek, olary milli gymmatlyklarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemek örän möhümdir.

Şunuň bilen birlikde, ýaşlarymyzyň özleşdiren daşary ýurt dilleriniň üsti bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan baý taryhymyzy, medeniýetimizi, sungatymyzy, dünýä medeniýeti bilen aýakdaş barýan edebiýatymyzy giňden wagyz etmelidiris.

Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwretmegiň häzirki zaman usullaryny işjeň ornaşdyrmaga, dünýä medeniýetiniň iň gowy gazananlary bilen tanyşdyrmaga, mugallymçylyk ugurly ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerimizde tü-rkmen edebiýatyny hem-de milli ruhy mirasymyzy düýpli öwretmäge uly üns bermelidiris. Şol bir wagtyň özünde, bu medeni baýlyklaryň her bir adam üçin elýeterli bolmagyny gazanmalydyrys.

Milli medeniýetimizi ösdürmek, milli mirasymyzy gorap saklamak we wagyz etmek boýunça 2019-njy ýylda hem netijeli işler geçirildi.

Türkmen milli halyçylyk sungatynyň geçen ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň san-awyna girizilmegi biziň bu ugurda üstünlikli işleri alyp barýandygymyzyň aýdyň mysalydyr. Biz mundan beýläk hem medeniýetimizi ösdürmäge uly üns bereris. Sebäbi medeniýet biziň ruhy baýlygymyzdyr.

Şunuň bilen baglylykda, milli mirasymyzy aýawly saklap, geljekki nesillerimize ýetirmek, halkymyzyň ruhy we dil medeniýetini ösdürmek maksady bilen, kanunçylygy kämilleşdirmek meseleleri bu ugurda hemişe Türkmenistanyň Mejlisiniň üns merkezinde bolmalydyr.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Biz agrosenagat toplumyny döwrebap ýagdaýa getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Sebäbi bu toplum Garaşsyz döwletimiziň ykdysady ulgamynyň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, ýurdumyzy öňdebaryjy tehnologiýaly, ösen senagatly döwlete öwürýär.

Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümçiliginde halkara tejribesine we häzirki döwrüň talaplaryna, milli aýratyn-lyklarymyza laýyklykda işiň täze guramaçylyk-hukuk görnüşlerini peýdalanmagyň ähmiýeti örän uludyr.

Şoňa görä-de, oba hojalyk pudagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýan möhüm binýat bolmalydyr.

Hususy maýa goýumlary täze oba hojalyk önümçiliklerini we iş orunlaryny döretmegiň esasyna öwrülmelidir. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Mejlisi oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýeňillikleri bermek barada degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmegi göz öňünde tutmalydyr.

Ýurdumyzyň ähli hojalyk ulgamlarynyň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe oba hojalyk pudagynda ýer gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalary kämilleşdirmek hem-de döwrebap ýagdaýa getirmek oba ykdysadyýetini ösdürmegiň örän möhüm ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alyp, «Ýer hakyndaky» Türkmenistanyň Bitewi Kanunynyň rejelenen görnüşiniň taslamasyny taýýarlamak işlerini hem dowam etmeli.

Biziň Garaşsyz döwletimiz sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny wagyz edýän we şol abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen syýasaty alyp barýan ýurt hökmünde bellidir.

Şundan ugur alyp, men «Ekologiýa maglumatlary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrýaryn.

Bu Kanunda suw serişdeleriniň, howanyň, topragyň, janly-jandarlaryň we ekologiýanyň ýagdaýy, şeýle hem daşky gurşawa we adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir ýetirip biljek ýagdaýlara hökmany baha bermek üçin zerur görkezijiler hem-de daşky gurşawy gorap saklamaga we netijeli peýdalanmaga gönükdirilen çäreler hakynda mag-lumat bermegiň tertibi düzgünleşdirilmelidir.

Bu kanunyň taslamasy taýýarlananda ekologiýa bilen bagly maglumatlary sanly ulgamlaryň üsti bilen toplamak, peýdalanmak, ýaýratmak bilen bagly meselelere üns berilse, maksadalaýyk bolar diýip hasaplaýaryn.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýändigi ýurdumyzyň energetika ulgamynyň kuwwatyny yzygiderli artdyrmagy talap edýär. Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bir pudagy hökmünde elektrik energetikasynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, «Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny kabul etmek hem zerurdyr.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Bitarap döwletimiz umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary bilen çykyş edip, dünýä jemgyýetçiliginiň ün-süni özüne çekýär.

Bitarap ýurdumyzyň halkara gatnaşyklara işjeň goşulyşmagy netijesinde ýüze çykýan hukuk gatnaşyklary biziň bu ugurdaky milli kanunçylygymyzy hem kämilleşdirmegi talap edýär.

Biziň öňe sürýän halkara başlangyçlarymyza öz wagtynda hukuk goldawyny bermek, şol başlangyçlary ýurdum-yzda we bütin dünýäde wagyz etmek bilen bagly işleri geçirmek esasy maksadymyz bolup durýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzda amala aşyrmaly döwrebap özgertmeleriň zerurlygyndan ugur alyp, konsullyk we migrasiýa gulluklarynyň işini düzgünleşdirýän, adatdan daşary ýagdaýlar döwründe halkara kömegini bermegiň tertibini kesgitleýän, şeýle hem syýahatçylygy ösdürmek bilen bagly migrasiýa işiniň kadalaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda hukuk taýdan kesgitleýän Türkmenistanyň kanunlary kämilleşdirilse, maksadalaýyk bolar diýip hasap edýärin.

Hususan-da, «Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakyndaky» Kanuna hem gaýtadan seretmeli. «Adatdan daşary ýagdaýlar döwründe halkara kömegini bermek hakyndaky» täze Kanunyň taslamasyny hem taýýarlamaly.

Mundan başga-da, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tekliplerini öwrenmek esasynda «Migrasiýa hakyndaky» hem-de «Migrasiýa gullugy hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky kanunlaryň taslamalaryny taýýarlamaly.

Şu işler bilen birlikde, Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadyny üpjün etmek bilen bagly işleri yzygiderli dowam etmeli. Dürli ýurtlaryň parlamentleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak we ösdürmek, bu gatnaşyklara yzygiderli häsiýet bermek, halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümine girýän guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen işleri güýçlendirmek bilen bagly çäreleri amala aşyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler «Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda dowam etdirilmelidir.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeli bolmagyny gazanmak hem esasy wezipeleriň biridir.

Şu nukdaýnazardan, «Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilse, maksadalaýyk bolar. Bu Kanunda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bolup durýan Geňeşleriň işini kämilleşdirmek, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy gazanmak bilen bagly düzgünleri göz öňünde tutmaly.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Biz ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegi we ýakyn ýyllarda has ýokary netijeleri gazanmagy, ilkinji nobatda bolsa, mähriban halkymyzyň berk durmuş goraglylygyny üpjün etmegi maksat edinýäris. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, mähriban Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini gazanmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak hem-de mäh-riban halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak maksady bilen, biz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek barada birnäçe maksatnamalary kabul etdik.

Şol maksatnamalary doly amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Mejlisi we Hökümeti hem, ähli jemgyýetçilik hem yhlasly we tutanýerli işlemelidir.

Bu ugurda göz öňünde tutulan ähli özgertmeleriň hukuk binýadyny döretmek, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmek we hereket edýän kanunlary yzygiderli kämilleşdirmek zerurdyr. Şeýle hem şol kanunçylyk namalaryny ba-zar gatnaşyklary şertlerinde pudaklaryň netijeli bolmagyny ýokarlandyrmaga gönükdirmek, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlaryny goldamak, sanly ulgama geçmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, döwlet emlägini hu-susylaşdyrmak we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek hem ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Jemgyýetimizde demo-kratiýany ösdürmek, kanunçylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azat-lyklaryny goramak hakynda biz hemişe alada edýäris.

Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ykdysadyýetiň senagat pudaklaryny, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmek boýunça hem tutanýerli işleri alyp barmalydyrys.

Oba hojalygyny dolandyrmagy kämilleşdirmek we düzüm özgertmelerini geçirmek, ýer we suw serişdelerini aýawly peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, jemgyýetde sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak maksady bi-len, biz anyk çäreleri görmelidiris.

Biz halkara gatnaşyklar ulgamynda işjeň hyzmatdaşlyk etmek, jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzy demo-kratiýalaşdyrmak boýunça zerur işleri geçirmelidiris. Saýlawlary guramak we geçirmek işlerine, ýerli döwlet häkimiýet hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, demokratik institutlaryň ösdürilmegine uly üns bermelidiris. Olaryň alyp barýan işleriniň netijeli bolmagyny gazanmaga has oýlanyşykly çemeleşmelidiris. Biz bu meselelerde kanunçylygy kämilleşdirmegi möhüm ugur hasap edýäris.

Şu meseleleri çözmekde deputatlaryň orny has-da uly bolmalydyr.

Halkyň saýlan adamlary hökmünde siz kämil hukuk namalaryny taýýarlamak arkaly durmuş adalatyna esaslanýan raýat jemgyýetiniň binýatlaryny has-da pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýarsyňyz.

Hormatly deputatlar!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlary kabul etmek we möhüm çözgütleri taýýarlamak Berkarar dö-wletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze belentliklere tarap bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz döwletimiziň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek we pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri döreder.

Şeýlelikde, bu işler ata Watanymyzyň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň alyp barýan işleriniň netijeleriniň ýo-karlanmagyna we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutýan ornunyň pugtalanmagyna ýardam berer.

Şeýle hem ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň üstünlikli ösdürilmegini üpjün etmekde hem-de jemgyýetimizde durmuş adalatyny ykrar etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Görşüňiz ýaly, biziň öňümizde uly we jogapkärli wezipeler durýar. Men şol wezipeleri siziň üstünlikli çözjekdigiňize, ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly goşant goşjakdygyňyza berk ynanýaryn.

Sebäbi ata Watanymyz hasyl bolýan arzuwlaryň we bagtyýarlygyň mekanydyr!

Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we bagtyýarlygy, alyp barýan jogapkärli işiňizde uly üstün-likleri gazanmagyňyzy tüýs ýürekden arzuw edýärin!