25-nji aprelde
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde, Goranmak
ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik
guramalarynyň toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
«Atda wepa-da bar, sapa-da» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
geçirildi.
Türkmen
bedewiniň milli baýramynyň öň ýanynda çapdan çykan neşir milli Liderimiziň ähli
watandaşlarymyza hem-de ahalteke tohum atlarynyň bütin dünýädäki köp sanly
janköýerlerine ajaýyp sowgadydyr.
«Atda wepa-da
bar, sapa-da» kitaby 8 bölümden ybarat bolup, dünýä taryhynda atyň keşbiniň kemala
gelşiniň geçmişini öz içine alýan gözýetimi yzygiderli açyp görkezýär.
Milli Liderimiz özüniň her bir
eserinde bolşy ýaly, ildeşlerimiz bilen pikirini paýlaşýar. Awtor
«Ýoluň — rowaç, iliň — rowaç!» diýen ilkinji, giriş bölüminde türkmenleriň
taryhynyň atlar bilen neneňsi ysnyşykly arabaglanyşyklydygy hem-de bu
arabaglanyşygyň milletiň ykbalyny neneňsi kesgitländigi, onuň häsiýetine
neneňsi täsir edendigi barada pikir ýöredýär. Şunda hormatly Prezidentimiz
özüne ylham beren taýçanak bilen bolan ilkinji duşuşygy barada-da gürrüň
berýär. Milli Liderimiz oňa buýsançly we joşgunly bolan Rowaç diýip at goýdy.
Bu ylham şahyrana setirlere öwrüldi, täze kitap hem şol goşgy setirleri bilen
açylýar.
Döwlet
Baştutanymyz kitabynyň ahyrynda hemme beýan edenlerini jemläp we umumylaşdyryp,
pikirini şeýle jemleýär:
«Biz
bedewlerimiz bilen ýakynlygyň täsin filosofiýasyny döredýäris. Ol bolsa
ýeňişdedir. Ýeňiş bolsa taplanmakdyr we kämilligiň menzilidir.
Öňe, diňe ýeňiş üçin, il-halkyň mertebesine şöhrat getir, bedewim!».