Türkmen
Lideriniň Singapuryň ýolbaşçylary bilen duşuşygyna heniz taýýarlyk görülýän
döwürde, ol dünýäniň habarlar agentlikleriniň gyzyklanmasyna eýe boldy, olar öz
sahypalarynda bu sapara bagyşlanan makalalara uly orun berdiler. Şeýlelikde,
geçen iki günüň dowamynda — 26 — 27-nji awgust günleriniň wakalary halkara
metbugatyň uly üns merkezinde boldy.
Ilkinji
nobatda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şol sanda merkezi
gazetler, beýleki metbugat we elektron neşirler, teleradioýaýlymlar hem-de
hususy elektron neşirler hormatly Prezidentimiziň saparyny has işjeň beýan
etdiler. Şeýle hem bu sapar Singapuryň gündelik metbugatynda öz beýanyny tapdy.
Singapuryň iň
abraýly iňlis dilindäki «The Straits Times» neşiri bu ýurduň söwda we senagat
döwlet ministri Koh Poh Kunuň aýdanlaryny getirýär: «Singapuryň kompaniýalary
eýýäm häzirden Merkezi Aziýa ýurdy Türkmenistan bilen himiýa we hususy bilim
ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini öwrenýärler, şunda söwda akymlaryny
mundan beýläk-de artdyrmak üçin uly kuwwatlyklar bar».
Halkara «CNA»
neşiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Singapura ilkinji
döwlet saparyny bu ýurduň Prezidenti hanym Halima Ýakobyň aýdanlaryna
salgylanyp, «taryhy waka» diýip atlandyrdy.
Umuman, daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň belleýşi ýaly tutuşlygyna alnanda, Singapurda bolan duşuşyklaryň we gepleşikleriň netijeli häsiýeti taraplaryň gepleşikleri giňeltmäge bolan oňyn garaýyşlary, şeýle hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň binýadyny goýmaga gönükdirilen ylalaşyklar — bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň iki ýurduň gatnaşyklaryny täze hil derejesine çykarjakdygyna berk ynam döredýär.