12-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny
amala aşyryp, Amyderýa jülgesiniň senagat düzüminiň täze iri gurluşyklarynda
alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şu sebitde durmuş-ykdysady taslamalaryň
ilerledilişi bilen tanyşdy.
Lebap
welaýatynda iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
nobatdaky saparyň sebitiň durmuşy, welaýatyň ägirt uly gurluşyklarynda alnyp
barylýan işleriň barşy bilen tanyşmak maksadynda amala aşyrylýandygyny belläp,
baý tebigy serişdelerden rejeli we netijeli peýdalanmagyň milli
ykdysadyýetimizi özgertmegiň strategik wezipeleriniň biridigini nygtady we bu
babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly
Prezidentimiz, bu ýerde amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady
maksatnamalaryň ählisiniň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy
hem-de ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny mynasyp garşylamaga
taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň çäklerinde dikuçarda Köýtendag etrabyna
ugrady. Şol ýerde Garlyk dag-magdan toplumy hem-de sement zawodynda ýerine
ýetirilýän işler bilen tanyşdy.
Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz şol ýerde 2020 — 2023-nji ýyllarda gurulmagy meýilleşdirilýän
senagat we önümçilik desgalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň hemişelik
Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp, ulanylmaga beriljek dürli maksatly
binalaryň çyzgylary bilen tanyşdy.
Ol ýerden döwlet Baştutanymyz özüne
garaşýan dikuçara mündi. Dikuçar
Türkmenabat şäherine tarap ugur aldy.
Uçuş mahalynda milli Liderimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat toplumynyň wezipelerini çözmäge
gönükdirilen, her bir sebitiň toprak-howa şertlerini nazara almak arkaly
taýýarlanylan taslamalar, ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň gerimi hem-de alnyp
barylýan oba hojalyk işleri bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz welaýata iş saparynyň çäklerinde Lebabyň atçylyk sport toplumyndaky işleriň ýagdaýy, onuň Türkmen bedewiniň milli baýramyna taýýarlanylyşy hem-de bu ýerde geçirilýän gurluşyk işleri bilen tanyşdy.