9-njy
iýunda Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň barşy
bilen tanyşdy. Ir bilen hormatly Prezidentimiz
Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli
Liderimiziň awtoulagy kärendeçi Berdimyrat Narmedowyň ekin meýdanynyň çäginde
saklandy.
Gallaçynyň
gürrüň berşi ýaly, ol maşgala agzalary bilen umumy meýdany 20 gektar bolan
ýerden bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Berdimyrat döwlet tarapyndan
oba zähmetkeşlerine yzygiderli kömek goldawlarynyň berilýändigi üçin hormatly
Prezidentimize çuňňur hoşallyk sözlerini aýdyp, işlemek üçin döredilen oňyn
şertler netijesinde öz kärende ýeriniň her gektaryndan 40-45 sentner hasyla
garaşýandygyny uly guwanç bilen habar berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň kömegi bilen galla
oragynyň barşy, hususan-da, «Class» we «John Deere» kysymly kombaýnlaryň işi
bilen tanyşdy. Milli Liderimiz ulanylýan tehnikalaryň daýhanlar üçin uly
kömekdigini hem-de olaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga ýardam
edýändigini belläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
milli Liderimiz hemmelere, şol sanda, kärendeçilere asylly zähmetiniň hözirini
görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi we kärendeçä gymmatly bahaly sowgatlary
gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady we
gök bakja ekinlerini we ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanýan «Tebigy ekin»
daýhan hojalygynyň kärende ýerlerine tarap ugrady. Milli Liderimiz daýhan
hojalygynyň ýolbaşçysy, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzasy Rüstem Bäşimow bilen gürrüňdeş bolup, bu ýerde alnyp barylýan işler,
kärende ýerleri, ýeralmanyň görnüşi hem-de onuň hasyllylyk derejesi bilen
gyzyklandy.
Telekeçi
döwlet Baştutanymyzy «Tebigy ekiniň» işi bilen tanyşdyryp, şu ýylyň fewral
aýynda 370 gektar ýere ýeralmanyň «Gala» görnüşini ekendiklerini, onuň her
gektaryndan 200 sentnere golaý hasyla garaşýandyklaryny gürrüň berdi. Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda telekeçileriň oba
hojalyk pudagynda işjeňlik görkezýändiklerini kanagatlanma bilen belledi. Munuň özi
ýurdumyzda önümleriň dürli görnüşleriniň bolçulygynyň üpjün edilmeginde pudagyň
eksport mümkinçilikleriniň artmagynda aýratyn möhümdir.
Döwlet
Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebaba iş saparyny tamamlap, şu gün Mary
welaýatyna ugrady.