Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen, Hazaryň türkmen
kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçen birinji Hazar ykdysady
forumyna diňe bir Hazarýaka ýurtlaryň ýokary wezipeli wekilleri däl-de, dünýä
bazarynda uly orun eýeleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar, şeýle
hem bu forum dünýä habar beriş serişdelerinde uly oňyn seslenme döretdi.
Ýurdumyzyň we
daşary ýurtlaryň metbugat habarlarynda bu forumyň gün tertibine kenarýaka
döwletleriň bäşisiniň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlaryň netijeli
gatnaşyklary işjeňleşdirmäge degişli möhüm meseleleriň giň toplumynyň
girizilendigi bellenilýär.
Täzelikler
neşirleri forumyň wekilçilikli derejesini nygtap, onuň işine Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we «Hazar bäşliginiň» hökümetleriniň
baştutanlarynyň — Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowyň,
Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň,
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň, Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň gatnaşandygyny habar
berýärler.
Şeýle hem bu çärelere Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow gatnaşdylar. RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow forumyň dabaraly mejlisiniň hormatly myhmany boldy.
Dünýäniň dürli
künjeklerinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleri türkmen Lideriniň: «Biz
Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de
agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy
we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz
strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin «geljegiň nusgasy» diýip
atlandyrýarys» diýen sözlerini beýan edýärler.