7-nji maýda «Türkmen
alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine
guramaçylyk meseleleri, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň seçgisi boýunça işleri
giňeltmek, alabaýlaryň bu özboluşly tohumyny aýawly saklamak we köpeltmek,
şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen döredilen birleşigiň öňünde durýan
wezipeler girizildi.
Mejlisiň çäklerinde guramaçylyk
meselelerine seredildi. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň
orunbasary wezipesine hususy itşynas A.Ýazmyradow saýlanyldy, şeýle hem
birleşigiň jogapkär kätibi saýlanyldy. Şeýle hem guramanyň düzümine täze
agzalar kabul edildi. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýatlar we
Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi hem-de olaryň ýolbaşçylary
saýlanyldy.
«Türkmen alabaý itleri»
assosiasiýasynyň nyşany tassyklanyp, onda hemişe wepaly dost we gaýduwsyz
goragçy bolan, ýanynda özüňi arkaýyn duýup bolýan alabaýyň şekili
ýerleşdirildi.
Soňra Änew
şäherinde Weterinar bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanýan toplumyň açylyş
dabarasy boldy. Bu desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
başlangyjy bilen guruldy.