milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi
13.06.2019 1266 Habarlar

12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan maslahat geçirdi.

Şanly waka mynasybetli bu ýerde sergi ýaýbaňlandyrylyp, onuň düzümine milli Liderimiziň dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine uly goşant goşan türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy barada, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhyndaky täze eýýäm hem-de onuň häzirki zamandaky gazananlary barada gürrüň berýän eserleri girizildi. Diwarlyklarda ýurdumyzyň alymlarynyň dürli pudaklardaky işläp taýýarlamalary barada aýdyň düşünje almaga mümkinçilik berýän serişdeler hem görkezildi.

Maslahatda Türlmenistanyň Prezidenti birnäçe möhüm Kararlara gol çekdi.