29-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi. Halkyň saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyza, aýratyn hem, ýaşlara sagdyn hem-de işjeň durmuş ýörelgesine eýermekde şahsy görelde görkezýär.
Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp gözel künjege geldi. Döwlet Baştutanymyz welosipedli gezelenjini dowam edip, daş-töweregiň tokaý zolaklary bilen sazlaşykly utgaşyp gidýän gözelligini, tebigy aýratynlyklaryny synlady.
Milli Liderimiz ýaşlaryň beden taýdan işjeňligini goldamaga, türkmenistanlylaryň saglygyny berkitmäge hem-de durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreleriň uly ähmiýetini belleýär. Şunda döwlet Baştutanymyz bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň beden saglygyna hem-de ruhubelentlige oňaýly täsir edýändigini, tutanýerliligi kemala getirýändigini öz şahsy göreldesi bilen görkezýär.