22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow TNGIZT-de täze desgalaryň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy
10.09.2020 66 Habarlar

9-njy sentýabrda ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.

TNGIZT-de gurulýan gaz turbinaly energiýa desgalary “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda bina edilýän täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam berer.