Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
nurana, şatlykly we hemmeler tarapyndan söýülýän Täze ýyl baýramçylygynyň
öňüsyrasynda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminden gutlaglary kabul etdi.
Ýygnananlar — Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary döwlet
Baştutanymyzy ýetip gelýän, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen
“Türkmenistan –rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen tüýs
ýürekden gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, bagt, maşgala abadançylygyny
we köpugurly döwlet hem-de jemgyýetçilik işinde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw
etdiler.
Ýygnananlar “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi”
şygary astynda geçen 2018-nji ýylyň milli Liderimiziň baştutanlygynda Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň maksatlaryna tarap ynamly öňe barýan ata
Watanymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolandygyny nygtadylar.
Döwrüň talaplaryna laýyk gelýän oňyn özgertmeleriň durmuşa
geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzda senagat pudagynyň, obasenagat toplumynyň,
ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň, hususy telekeçiligiň kuwwatyny mundan
beýläk-de artdyrmak üçin ygtybarly esas döredildi. Ol türkmenistanlylaryň
ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa
milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň baş maksady bolup
durýar.
Ýokary tehnologiýaly pudaklar bilen birlikde, intellektual
ulgama — bilime, ylma, maglumat-kommunikasiýa ulgamyna, saglygy goraýşyň,
medeniýetiň we sportuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga uly möçberli
maýa goýumlary goýberilýär. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri
tutulýan ugurlary hökmünde ykrar edildi. Şol syýasat bolsa durmuş ugruna
gönükdirilendir.
"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň,
etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş
şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen
görnüşdäki Milli maksatnamasyny", şähergurluşyk we beýleki giň möçberli
maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde her ýyl has oňaýly hem-de
otaglaryň ýerleşişi gowulandyrylan ýaşaýyş jaýlary, zerur enjamlaryň ählisi
bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, döwrebap saglygy goraýyş
merkezleri hem-de ajaýyp medeniýet köşkleri, stadionlar we şypahanalar, beýleki
möhüm durmuş-ykdysady maksatly desgalar ulanylmaga berilýär.
Örän netijeli bolan 2018-nji ýyl wajyp wakalaryň döwri
hökmünde hem taryha girer. Şol wakalar bolsa Türkmenistanyň dünýä
giňişligindäki abraýyny has-da belende galdyrdy. Şolaryň ählisi Türkmenistanyň
baý geosyýasy, ykdysady serişdeler we adam kuwwatyndan has netijeli peýdalanmak
maksady bilen, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklar ulgamyna doly goşulyşmagyna
gönükdirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
yzygiderli durmuşa geçirilýän, parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we hoşniýetli
goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasy özara bähbitli
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de netijeli medeni-ynsanperwer gatnaşyklary
giňeltmäge ýardam edýär. Ýurdumyz saýlap alan, esasyny oňyn Bitaraplyk
ýörelgesi düzýän ugruna gyşarnyksyz eýermek bilen dünýäniň gyzyklanma bildirýän
ähli döwletleri hem-de iri halkara guramalary bilen gatnaşyklary yzygiderli
berkidýär.
Soňky ýyllarda Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň esasy
düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk has-da ösdürildi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň 2019 — 2021-nji ýyllar üçin BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň
agzalygyna saýlanylmagy bellärliklidir. Munuň özi häzirki döwrüň wajyp
wezipeleriniň hem-de meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak
boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňe süren anyk teklipleri ählumumy gün tertibiniň
parahatçylygy hem-de durnuklylygy, ekologiýa abadançylygyny saklamak, energiýa
we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de
rejeli ulanmak ýaly möhüm meseleleri hem-de beýleki birnäçe ugurlary boýunça
umumy tagallalary birleşdirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň oňyn tejribesi hem-de ýokary
durmuş-ykdysady görkezijileri dünýä bileleşiginiň uly gyzyklanmasyna eýe
bolýar. Şol görkezijiler bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn
syýasatynyň ajaýyp miwesidir. Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede
uýgunlaşdyran ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli Gün
tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Döwletimiz bu işi yzygiderli
esasda alyp barmak bilen, özgertmeler maksatnamalaryny hem-de ösüşiň geljekki
meýilnamalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde durnukly ösüş
maksatlarynyň binýatlaýyn ugurlaryny hem-de görkezijilerini peýdalanýar.
Türkmen halky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji
kuwwatynyň barha artýandygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Ýurdumyzyň iri halkara
forumlarynyň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
belent münberinden beýan edilen başlangyçlary tutuş dünýä bileleşiginiň
düşünmegine hem-de giň goldawyna mynasyp bolýar. Soňky ýyllarda kabul edilen,
bu iri halkara gurama agza döwletleriň ählisi tarapyndan makullanan we doly
goldawa eýe bolan Kararnamalar hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Ýygnananlar ildeşlerimiziň adyndan durmuşa geçirýän
oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan içeri we daşary syýasaty üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň şahsy göreldesinden ruhlanyp, halkymyza hem-de ata Watanymyza
wepaly hyzmat etjekdiklerine, ähli bilimlerini we tejribesini ýurdumyzda
“Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda göz
öňünde tutulan giň möçberli wezipeleri çözmäge gönükdirjekdiklerine
ynandyrdylar.
Milli Liderimiz gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs
ýürekden minnetdarlyk bildirip, egindeşlerini hem-de türkmenistanlylaryň
hemmesini ýetip gelýän baýramçylyk bilen gutlady we 2019-njy ýylyň täze beýik
işleriň ýylyna öwrülmegini hem-de ähli ýagşy umyt-arzuwlaryň hasyl bolmagyny
arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz belent maksatlara ýetmek üçin öňümizde
uly we maksada okgunly işleriň durandygyny belläp, göz öňünde tutulan giň
möçberli meýilnamalaryň hemmesiniň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine ynam
bildirdi. Milli Liderimiz türkmen halkynyň döredijilikli zehininiň hem-de
tutanýerli zähmetiniň bu maksatnamalary amala aşyrmagyň ygtybarly kepili bolup
durýandygyny nygtady. Mähriban halkymyz şu ýyl hem jebisligini we agzybirligini
görkezdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz adamlar
hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolandygyny we şeýle
bolmagynda galýandygyny, häzirki döwürde amala aşyrylýan işleriň hemmesiniň
türkmenistanlylaryň — häzirki we geljekki nesilleriň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň
ähli babatda has-da ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň bähbidine alnyp
barylýandygyny belledi.