22.09.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze kitabyny ýazyp tamamlady
06.08.2020 272 Habarlar

5-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlaryna we türkmen halkynyň döreden milli ýörelgelerine bagyşlanan täze kitabyny ýazyp tamamlady.

Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Arkadag Prezidentimiz täze kitabynda halkymyzyň dünýä nusgalyk asylly ýörelgeleri barada özüniň parasatly oý-pikirlerini beýan etmek bilen, halkymyzyň ýagşy dessurlaryna, olaryň Watanyň abadançylygyny üpjün etmekde, häzirki nesilleri terbiýelemekde eýeleýän ornuna möhüm ähmiýet berýär.

Eserde halkymyzyň milli mirasyny düýpli öwrenmek, ony aýawly saklamak, giňden wagyz etmek hem-de geljek nesillere ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler esasy orun eýeleýär. Häzirki döwürde bu ugurda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda maksada gönükdirilen ylmy işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze esere «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» diýip at goýdy. Döwlet Baştutanymyz täze kitaby ýazyp tamamlady hem-de ony neşire berdi. Munuň özi «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän şu ýylda jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm orun eýeleýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramçylygy mynasybetli bagtyýar halkymyza ajaýyp döredijilik sowgady bolar.