8-nji awgustda
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenaryndaky «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagyna iş saparyny amala aşyrdy.
Bu ýerde
döwlet Baştutanymyzy Hazaryň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan hökümet
agzalary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary
garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç almak üçin
döredilen şertler bilen tanyşdy.
Milli
Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, bu ýerde dynç alýanlara hödürlenilýän
hyzmatlaryň üsti dürli kysymly welosipedleri kärendesine bermek hyzmaty bilen
ýetirildi. «Awazanyň» çäklerinde welosipedleri kärendesine bermek boýunça
birnäçe beket döredildi, olaryň awtomatlaşdyrylan ulgamy we bu ýerde gurnalan
ýörite enjam gün batareýalaryndan alynýan energiýanyň hasabyna işleýär. Döwlet
Baştutanymyz beketleri işletmegiň ulanylýan usulyny oňlap, beketleri ekologiýa
talaplaryna doly kybap gelýän «Ekowelosiped bekedi» diýip atlandyrylsa maksada
laýyk boljakdygyny belledi.
Soňra milli
Liderimiz sebitleri ösdürmegiň çäklerinde, hususan-da «Awaza» milli
syýahatçylyk zolagynda gurulmagy teklip edilýän durmuş maksatly desgalaryň
taslamalary bilen tanyşdy.
Gurulmagy göz
öňünde tutulýan binalaryň hatarynda kottej görnüşli jaýlar, suw arassalaýjy
desga, çagalar we ulular üçin suw howdanlary bolan ýörite myhmanhanalar,
tomusky restoran bar. Bu taslamalary amala aşyrmak ýurdumyzyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenilen taslamalar bilen tanyşlygyny tamamlap, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça satyn alnan täze gämini synlamak üçin ýoluny dowam etdi, bu gämi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gämiler toplumynyň üstüni ýetirdi. Ol syýahatçylar we dynç alýanlar üçin deňiz gezelençlerini guramaga niýetlenendir.