milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow senagat-innowasion toplumyň açylyşyna gatnaşdy
29.06.2019 219 Habarlar

28-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda gurlan täze iň döwrebap senagat toplumynyň — tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Munuň senagat möçberde tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa sintetiki awtoulag ýangyjynyň çykaryljak dünýäde ilkinji zawoddygyny aýratyn bellemek gerek. Şeýlelikde, ony täsin diýip doly esas bilen ynamly atlandyryp bolar.

Täze senagat toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de «Kawasaki Heavy Industries Ltd» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň konsorsiumynyň bilelikdäki tagallalary bilen guruldy.

Zawodda her ýyl 1 milliard 785 million kub metr «mawy ýangyç» gaýtadan işlenip, ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän EСО-93 sintetiki benzininiň 600 müň tonnasy, şeýle hem ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň tonnasy we düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy çykarylar.