2-nji
oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
käbir agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň, käbir ministrlikleriň we
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyz
boýunça iş saparyny amala aşyryp, iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň
ýagdaýy bilen tanyşdy.
Milli
Liderimiz iş saparynyň barşynda Çandybil şaýolunyň ugrunda täze gurulýan
desgalara tarap ugrady. Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen Halkara estetiki
bejeriş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýan taslamalary hem-de paýtagtymyzda
gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş ulgamynyň beýleki desgalarynyň
taslamalary bilen tanyşdy.
Soňra milli
Liderimiz şäheriň şu ýerinde gurulýan «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň
binasyndaky işler bilen tanyşdy. Desgany bina edýän «Bouygues Batiment
International» fransuz kompaniýasynyň wekili degişli taslamalary döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi. Şeýle hem bu ýerde «Senagat» paýdarlar
täjirçilik bankynyň binasy gurulýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň binalar toplumynyň, Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binalar toplumynyň, Kabul edişlikler merkeziniň, «Arkadag» kaşaň myhmanhanasynyň we täze Hökümet münberiniň gurluşyklarynyň barşyny gözden geçirdi hem-de degişli tabşyryklary berdi.