milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy gurmagyň düzümleýin taslamalary bilen tanyşdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy gurmagyň düzümleýin taslamalary bilen tanyşdy
25.07.2019 416 Habarlar

24-nji iýulda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzy gurmagyň täze tapgyryny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilmeginiň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň meýilnamasyna laýyklykda, sanly we IT-tehnologiýalar arkaly işlenip taýýarlanylan taslamalar bilen tanşyp, şolar babatda degişli belliklerini hem-de maslahatlaryny berdi.