17-nji
dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça
iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça
alnyp barylýan işleriň barşy, ýakyn geljekde gurulmagy meýilleşdirilen dürli
maksatly desgalaryň taslamalary, Aşgabady ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň
çäklerinde gurulýan söwda we dynç alyş merkezinde hem-de Aşgabat — Türkmenabat
ýokary tizlikli awtomobil ýolunda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy
bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky täze gurluşyklary yzygiderli gözden geçirip hem-de Aşgabadyň durmuş üpjünçiligi ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çärelere aýratyn ähmiýet berip, bu ýerde amala aşyrylýan işleriň halkara ülňülere, şol sanda hil, estetika we ekologiýa babatdaky talaplara laýyk gelmeginiň şolaryň esasy görkezijisi bolup durýandygyny nygtady.