milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
07.11.2019 1078 Habarlar

6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda alnyp barylýan iri gurluşyklaryň, birnäçe desgalaryň, ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş düzümini ösdürmek, abadanlaşdyrmak boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň gurluşygynyň barýan ýerine aýlandy.

Milli Liderimiz ilki bilen bu ýerde bina edilýän desgalaryň daşky bezeg işleri, olary taýýarlamagyň aýratynlyklary we binalaryň bezeginde ulanylýan serişdeler hem-de reňk özboluşlylygy bilen gyzyklandy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygynyň orunbasary D.Hudaýberdiýew paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bina edilýän desgalar, olaryň gurluş we daşky bezeg aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.

Bu taslamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde Magtymguly şaýolunyň ugrunda birnäçe durmuş maksatly binalar gurulýar. Gurluşygyň baş meýilnamasyna laýyklykda, şäheriň Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda 12 gatly 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy, 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň bolsa altysy gurulýar.