25-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ir bilen döwlet Baştutanymyzyň dikuçary Ahal welaýatynyň Kaka etrabyna tarap ugur aldy. Şol ýerde eksport maksatly önümleri öndürmegiň möçberlerini artdyrmak boýunça dokma toplumynyň öňünde goýlan wezipelere laýyk gelýän häzirki zaman önümçilik toplumy guruldy.
Kaka dokma toplumy hem iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabardyr. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 300 adam zähmet çeker.
Täze dokma toplumyna «Monforized» kompaniýasynyň güwänamasynyň gowşurylandygyny bellemek gerek.
Hormatly Prezidentimiz dokma toplumynyň çäginden çykyp, Ahal welaýatynyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleriniň ýanyna geldi we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan welaýatyň şäher we etrap hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze «Tiz kömek» awtoulaglarynyň 10-syny bermek çözgüdi barada aýtdy.