19-njy
noýabrda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow köpugurly işewürlik merkezli kaşaň «Garagum» oteliniň
açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu desga türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjekleriniň
birine öwrüldi.
Mälim bolşy
ýaly, köpugurly işewürlik merkezli «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygyna
2018-nji ýylyň sentýabrynda badalga berildi. A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet
Ýasawy köçesiniň çatrygynyň ýanynda, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň
golaýynda gurlan täze myhmanhana-işewürlik toplumy özüniň täsin keşbi bilen
tapawutlanýar. Onda gurluşyk ulgamyndaky öňdebaryjy ýörelgeler milli
binagärligiň iň gowy däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Bu taslamany durmuşa
geçirmek ýurdumyz bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän «Rönesans Holding»
türk kompaniýasyna ynanyldy.
Oteliň ady
bilen sazlaşyklylykda onuň binagärliginde we bezeginde Türkmenistanyň täsin
tebigy gymmatlyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň, onuň ajaýyp ýerleriniň
keşbi öz beýanyny tapdy. Öz aralarynda sazlaşykly birleşdirilen toplumyň
merkezi hem-de onuň gapdalyndaky iki binanyň keşbi çäge tolkunlaryny ýada
salýar. Binagärlik toplumynyň üstüni ýetiren ak öý bolsa milli keşbi ýatladýar.
Garagum sährasynyň çägeleriniň altynsow reňki oteli bezeýän aýnalarda hem öz
beýanyny tapdy.