6-njy
oktýabrda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary
hem-de 1948-nji ýylyň heläkçilikli Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlary
ýatlap, Hatyra güni bellenildi.
Şu gussaly
sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürildi,
hemme ýerlerde aýat-töwir okaldy, sadakalar berildi. Hatyra gününde «Halk
hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Soňra hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we ýygnananlar «Halk hakydasy» ýadygärlikler
toplumynda berilýän sadaka gatnaşdylar.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeliniň oturdylan ýerine geldi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň müftisi bilen bilelikde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň heýkelini hatyralap gül dessesini goýdy. Bu ýerde merhumyň ruhy ýatlanyp aýat-töwir okaldy.