4-nji maýda hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedow Goşulyşmazlyk hereketiniň COVID-19 ýokanjyna garşy
durmak boýunça Utgaşdyryjy toparyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen
ýokary derejedäki duşuşygyna gatnaşdy.
Onuň gün tertibine häzirki döwürde
tutuş dünýä jemgyýetçiligi üçin täze, çynlakaý wehime öwrülen koronawirus
pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalary utgaşdyrmak meseleleri
girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow wideoforumda çykyş edip, dünýäniň ykbaly üçin umumy
jogapkärçilik bilen birleşen 120 döwleti öz içine alýan Goşulyşmazlyk
hereketiniň bu meseläniň çözülmeginden daşda durup bilmejekdigine ynanýandygyny
aýtdy. Şu nukdaýnazardan, onlaýn arkaly geçirilýän şu günki duşuşyk örän
ähmiýetli we öz wagtynda geçirilýär. Bu çäre pikir alyşmaga we çylşyrymly
ýagdaýa baha bermäge hem-de ony ýeňip geçmegiň ýollaryny maslahatlaşmaga
mümkinçilik berýär.
Parahatçylygy we howpsuzlygy pugta
üpjün etmek öňde goýlan ähli maksatlara ýetmegiň, häzirki çökgünligi doly ýeňip
geçmegiň esasy, aýgytly şerti bolup durýandygyny belläp, milli Liderimiz
uruşlar hem-de gapma-garşylyklaryň şertlerinde pandemiýa garşy üstünlikli göreşmegiň
we onuň ýaramaz netijelerini aradan aýyrmagyň mümkin däldigini nygtady. Şoňa
görä-de, Goşulyşmazlyk hereketiniň döwletleri bolan biz ähli halkara jedelleri
we gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmegi berk maksat edinýändigimizi
aýgytly aýtmalydyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
belledi.