20-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow paýtagtymyzyň häkimligine baryp, ýurdumyzyň baş şäherini
ösdürmegiň, hususan-da, Aşgabadyň demirgazyk böleginde täze iri möçberli
toplumyň gurluşygynyň taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz döwlet
durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de öňümizdäki halkara ähmiýetli wakalara, şol
sanda ýurdumyzda iri senagat toplumynyň açylyşy bilen baglanyşykly meselelere
bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.