Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA
döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa
Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde milli
Liderimizi resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistan GDA-nyň çäklerinde däp bolan netijeli
gatnaşyklara ygrarlydyr. Oňa agza döwletler bilen ýurdumyzy öňden gelýän
hoşniýetli we ysnyşykly gatnaşyklar baglanyşdyrýar.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk
söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugry durmuşa
geçirmek bilen özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki
zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara bähbitlere laýyk gelýän
deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin
netijeli meýdança bolup durýar.
Bu ugurda biziň ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we
hoşniýetli goňşuçylyk, milli hem-de umumy bähbitleri nazara almak, deňhukukly
we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty durmuşa
geçirýär. Türkmenistan sebit hem-de halkara ähmiýetli meseleleri çözmekde işjeň
orny eýeläp, parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak, GDA-nyň çäklerinde
ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda giň we netijeli gatnaşyklary ösdürmek
işine saldamly goşant goşýar.
Türkmenistan 2012-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynda başlyklyk etmek wezipesini mynasyp ýerine ýetirdi. Milli
Liderimiziň gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de täze gatnaşyklary ýola goýmak
baradaky başlangyçlary üstünlikli durmuşa geçirildi. Munuň özi Bilelikdäki işe
täze itergi bermäge mümkinçilik berdi.
Türkmenistan 2019-njy ýylda bu düzümde ýene-de başlyklyk
wezipesini öz üstüne almak bilen, mundan beýläk-de däp bolan dostlukly
döwletara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga we ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam
bermegi göz öňünde tutýar. Şunuň bilen baglylykda, başlyklyk etmegiň konsepsiýasy
we ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny işlenip taýýarlanyldy hem-de GDA-nyň
Ýerine ýetiriji komitetine hödürlenildi.
Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmegi
GDA-nyň esasy resminamalaryna laýyklykda amala aşyrylar we ozal kabul edilen
halkara ylalaşyklary we çözgütleri yzygiderli durmuşa geçirmäge, hyzmatdaşlygyň
gün tertibini baýlaşdyrmaga gönükdiriler.
Türkmenistan Arkalaşygyň yzygiderli ösmegi, halklaryň
abadançylygyny we ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy üçin
deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak esasynda agza
döwletleriň hyzmatdaşlygyny we özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge
we pugtalandyrmaga ýardam bermegi göz öňünde tutýar.
Döwletleriň arasyndaky ynanyşmak ýagdaýyny pugtalandyrmak,
durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, syýasy-diplomatik gatnaşyklary
pugtalandyrmak, GDA-nyň halkara guramalar, şol sanda BMG we ÝHHG bilen
hyzmatdaşlygynyň derejesini ýokarlandyrmak, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmek, dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmak üçin şertleri döretmek
Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň konsepsiýasynda ileri tutulýan wezipeler
hökmünde kesgitlenildi. Energetika, ulag we aragatnaşyk GDA ýurtlarynyň
arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň esasy ulgamlary hökmünde görkezildi.
Arkalaşygyň döwletleriniň arasynda giň medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport
gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär.
Ýurdumyzda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
Aşgabatda 2019-njy ýylda geçiriljek mejlisine eýýämden taýýarlyk görlüp
başlandy. Ýurdumyz möhüm goşulyşmak çärelerini höweslendirmäge taýýardygyny
hemişe tassyklaýar. Türkmenistanda GDA-nyň işi bilen baglanyşykly, şol sanda
pudaklaýyn kooperasiýa, ynsanperwer hyzmatdaşlyga degişli iri çäreler
ýygy-ýygydan geçirilýär. 2012-nji ýylda Mary şäheri Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň medeni paýtagty diýlip yglan edilen bolsa, 2016-njy ýylda bu
hormatly wezipe Daşoguz şäheriniň paýyna düşdi.
Howa menzilinden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni
B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana tarap ugrady, şu gün şol ýerde Ýokary Ýewraziýa
ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi.
Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň
başlyklygynda Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Ermenistanyň
Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikola Paşinýanyň, Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle hem giňişleýin
düzümdäki mejlisde ÝewrAzES-niň ýanynda synçy ýurduň Baştutany hökmünde
Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon boldy.
Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşi — bu Ýewraziýa ykdysady
birleşiginiň ýokary edarasydyr, ony döretmek barada 2014-nji ýylda gol çekildi.
Birleşigiň esasy maksatlary agza döwletleriň ilatynyň ýaşaýyş derejesini
ýokarlandyrmagyň bähbidine şol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine,
harytlaryň, hyzmatlaryň, düýpli maýalaryň we zähmet serişdeleriniň bitewi
bazarynyň kemala gelmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Şu duşuşygyň gün
tertibine ulgamlaýyn tehnologiýalary ösdürmek, sanly ykdysadyýeti, gazyň,
nebitiň we nebit önümleriniň umumy bazarlaryny kadalaşdyrmak we beýleki
meseleler girizildi.
B.N.Ýelsin adyndaky kitaphana gelen hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýanyň Lideri Wladimir Putin mähirli we
hoşniýetli garşylaýar.
Şeýle hem bu ýere GDA agza döwletleriň beýleki Baştutanlary
— Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon
hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gelýärler.
Birek-birek bilen salamlaşanlaryndan hem-de Arkalaşyga agza
ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde bilelikde surata düşmek dabarasy
tamamlanandan soň, duşuşyga gatnaşyjylar Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň
adyndan resmi däl günortanlyk nahara çagyryldy.
Döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki awtoulag kerweni
Potýomkin köçesinde, Tawriçeskiý bagynyň öňündäki taryhy binada ýerleşen
“Leningrad Merkezi” medeni-dynç alyş merkezine tarap ugraýar. Bu ýerde
myhmanlara şeýle hem şüweleňli maksatnama teklip edildi.
Resmi däl ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwletleriň
ýolbaşçylary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma
bildirilýän halkara häsiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.
GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibinde köp ugurlar
boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol
sanda döwletara derejesindäki ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli
meseleleriň ençemesi durýar. Diňe soňky iki ýylyň dowamynda ýokary derejedäki
gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy,
Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyzystan bilen strategiki
hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi. Bulardan başga-da, dürli
ulgamlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekildi.
Ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň
ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet
Baştutanlary şu gezekki resmi däl sammitiň mundan beýläk-de tagallalary
birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlamak
üçin badalga nokady boljakdygyna biragyzdan ynam bildirdiler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal hem ençeme
gezek belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA agza döwletleriň daşary syýasat
edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu ulgamda hereket
etmegiň orta möhletli maksatnamasynyň esasynda köptaraply yzygiderli syýasy
geňeşmeleriň netijeli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik
gatnaşyklary pugtalandyrmagy wajyp hasaplaýar.
Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň halkara düzümleri bilen
hyzmatdaşlygy ulgamynda BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary
bilen gatnaşyklara, şol sanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmekde
hyzmatdaşlyga aýratyn orun berýär. Ýurdumyz Arkalaşygyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak,
häzirki döwrüň ählumumy we sebit işlerine oňyn täsirini artdyrmak ugrunda çykyş
edýär.
Söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistanyň tagallalary
bilelikdäki işe täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, hyzmatdaşlygyň geljegi
uly usullaryny gözlemäge, köptaraply gatnaşyklaryň anyk ulgamlaryny
kesgitlemäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilim
ulgamynda hyzmatdaşlygy işiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezýär. Bu
babatda ýurdumyz tarapyndan Arkalaşygyň dürli döwletleri bilen ikitaraplaýyn
gatnaşyklaryň uly tejribesi toplanyldy, iň täze maglumat we kommunikasiýa
tehnologiýalaryny ulanmak bilen, bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek ýakyn
geljek üçin esasy wezipeleriň biri hasaplanylýar.
GDA-da 2019-njy ýylyň Kitap ýyly diýlip yglan edilmegi bilen
baglylykda, ýaş nesli çeper edebiýata çekmäge, kitap sergilerini guramaga
gönükdirilen medeni aň-bilim çärelerini geçirmäge bagyşlanan işleri amala
aşyrmaga aýratyn üns berler.
Milli Liderimiziň bellemegine görä, medeni hyzmatdaşlyk
halklaryň ýakynlaşmagynyň hem-de olaryň arasyndaky özara hormatyň netijeli
usuly bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň işiniň
esasy ugurlarynyň biri bolar. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamyndaky
hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini
goldamak we ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge üns berer.
...GDA agza ýurtlaryň Liderleri “Leningrad Merkezinden”
bütin dünýäde meşhur “Mariinskiý teatryna” ugradylar. Şu ýyl teatryň
döredilmeginiň 235 ýyllygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary P.I.Çaýkowskiniň
“Şelkunçik” atly baletine tomaşa etdiler.
Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgdan Watanymyza ugrady.